Nirede

Diñlemeseñ bolar!
Bum bum bum bum bum bum bum bum
Bum bum bum bum bum bum
Bum bum bum bum bum bum

Bum bum bum bum bum bum bum bum
Bum bum bum bum bum bum
Bum bum bum bum bum bum

Is love alive?

Bum bum bum bum bum bum bum bum
Bum bum bum bum bum bum
Bum bum bum bum bum bum

Yeah
Is love alive?

Bir gün soradym dünýäden
"Söýgi dirimi?!"
Düýnem diridim, indi men başga birimi?
Biri gazanmaly çörek, büküp bilini
Beýlekisi mes, biri çeynäp berýär iýmini

Garyplar elin serýär, seredip bize tarap
Gözler sowup geçýäs, pukara ýüze garap
Bary bir äkidip bilmeris, bir manat
Baýlygyñ bir köpük, tabşyrlansoñ amanat

Namys dirimi, bar bolsa nirede?!
Gyzlar özün ýitirýär, gürrüñ pula direse
Galsañ aç, goñşyñ ses çykarmaz syn eder
Seredýän ýok, göz ýaşyñ öwrülse silede

Çägä öwrüldi, ol daş ýaly diregem
Gözi doýmaýan dünýä
Haýyş etýän iý menem!
Eýmenç sen, menem senden eýmenen
Duýgular bir eýýäm, göçdi ýürekden

Hany söygümiz?!
Nirde jogap?!
Hany pes göwün?!
Ýadadym sorap
Hany däp-dessur?!
Nirde utanç haýa?
Nirde Türkmenim?!
Menä tapamok!

Hany imanymyz?!
Nirde sogap?!
Hany pes göwün?!
Ýadadym sorap
Hany däp-dessur?!
Nirde utanç haýa?
Nirde Türkmenim?!
Menä tapamok!

Sadalyk nirde?!
Her kim çyraçy bu gün!
Her kim tanyşly, her kim möhüm
Nirde adamkärçilik?!
Nirde göwün?!
Adyny aýdanda, her kimiñ damagy düwün

Her kim Aşgabatdan, ýok welaýatly
Sylanoklar indi, diliñ bolsada aýatly
Gyzlar garaşýar, gelenok şazada ak atly
Garaşmak, elbetde ýadatdy

Nirde halasgär?!
Dirimi umyt?!
Mümin ýüz öwürýär, elin uzatýa jöhit
Huşyma gygyrýan, meni düýşüme äkit
Hakykatdanam Haky, ýatdan çykardyk hakyt

Eýesinden gymmat boldy haryt
Baýlygyñdan utan, ýanyñda barka garyp
Gulak berme maña, men nebsime ýüzlenýän
Dünýä barmy sende, başga maña meñzeýän?!

Hany söygümiz?!
Nirde jogap?!
Hany pes göwün?!
Ýadadym sorap
Hany däp-dessur?!
Nirde utanç haýa?
Nirde Türkmenim?!
Menä tapamok!

Hany imanymyz?!
Nirde sogap?!
Hany pes göwün?!
Ýadadym sorap
Hany däp-dessur?!
Nirde utanç haýa?
Nirde Türkmenim?!
Menä tapamok!

Diñlemeseñ bolar
Bu ýönekeý öz-özüm bilen gürrüñdeşlik!
Öz nebsime ýüzlenýärin!
01:28
15.7.2012ý

This is my winter song
December never felt so wrong
'Cause you're not where you belong
Inside my arms

Is love alive?
Is love alive?
Is love alive?

RR



Credits
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link