TNSETDRYNBRNY

Tans etdirýän baryny,
Köp zatdan bizar indi,
Köp zatlar maňa zar indi,
Bu zatdan azar indi.
Maňa gyzykly däl nirde sen,
Maňa gyzykly däl gyzmy sen,
Hiçhiňize wagtym ýok,
Olar ýazýar bir zat eşidemok.

Ýyldyzlar äkitdi ýokara,
Aşagyň maňa ýokanok,
Siz aşaga düşen ýaprak.
Hawa gözleýäňiz ýokara,
Galmana hemme gerek siz,
Hamala aýtma biderek siz.
Bu zatlar ýöne özüňi aldamak,
Ýaşaýaňyz ýalandan.

Eý, gora Hudaýym,
Bolmakdan ruhy gedaý,
Bolmakdan samsyklaň içinde,
Sen bilýäň näme bar içimde,
Näçe günlemi geçirdim.
Ozümi tapmak üçin diňe,
Hakyky dostlyk üçin diňe,
Söýgüni goýdym soňa.
Näme üçin ýok bilemok,
Garaňkylyk basýar birden,
Men oýunyňyza giremok,
Şu wagt hasap gowy däl.
Men özümi tanamok, sen nädip tanaýaň oglan?
Muňa diýilýär ýokary nollar,
Entägem bilemok soň name bolar,
Bir gün men şol zatdan däli bolaryn.

Tans etdirýän baryny,
Köp zatdan bizar indi,
Köp zatlar maňa zar indi,
Bu zatdan azar indi.
Maňa gyzykly däl nirde sen,
Maňa gyzykly däl gyzmy sen,
Hiçhiňize wagtym ýok.
Şeýle...
Bolmasa men kim? Bolmasa men kim?
Bolmasa men kim? Bolmasa men kim?
Bolmasa men kim? Bolmasa...



Credits
Writer(s): Islamjan Saparlyyev
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link