Garalama

Ýüregim sen diýip meň urýara.
El ele kim bilen sen gezýäňä.
Söýýänimi jandan tenden bilýäňä.
Git saklamok indi unudýana.
Gämim meň küreksiz ýitirdim ugrymy.
Her ýere bakamda görýärin suduryňy.
Biwepa bolup galmak saňa dogrymy, dogrymy (dogrymyy).

Sarar ýaraňy ýatlamalar,
Her hilli balladalar.
Ýagyşly ýeller, güýz.
Nabelli alamatlar.

Tomusdan ýadan şäher,
Garaşýa nagyşly güýze.
Gerekdäl sarama yza,
Ýatlama seretme düýne.

Seň gözleň içinde bulut bar,
Ýagsam ýagyş bolup ýa-da gar.
Seň gözleň içinde bagt bar,
Sowuk gözýaşlara bu ýer dar.

Jogapsyz sowallaň içinde pikirler ýerde ýatyr,
Ýürekler indi gaty. Göremok hakykaty,
Garaş, illere görünme häli ýagty.
Ýöne gizleýän gizlin jübimde ýylgyrşyňy.

Deňiz ýaly yza çekilýäň,
Senem meni ýene gözleýäň.
Alow-ýaşylymy diňleýäň,
Sowuk gözýaşyňy aýlaýaň.

Mylaýym çykar aňyrdan bir ses,
Garpyzyň ýüregni kesip iýen ýaly süýji bir ses,
Düýşüme hiç girmedik dünýä ýaly sen.
Lentany kes, etmäli bes ýaşamana,

Umytlary süýşir bir kenara.
Garradyk eýýäm biz garaşmana,
Al onda aýnaň aşagynda çykmadyk serenada.
Al onda aýnaň aşagynda çykmadyk serenada.

Ýüregim sen diýip meň urýara.
El ele kim bilen sen gezýäňä.
Söýýänimi jandan tenden bilýäňä.
Git saklamok indi unudýana.

Men saňa ýüzlenýän ýarym eştýäňmi?
Sen meni söýýäňmi ýa ýakýaňmy?
Gözlerime seredip ýene gülýäňmi?
Duýýaňmy, duýýaňmy?

Gujagymda, görünmän ereýär ady,
Men seni çyzykdan-çyzyga garaňkyň içinde täze setir ýaly gözledim adadan-adalara.
Birtopar ýyllaram çaýkanyp girip çykyp gitdi aralara,
Geçip gidenler garalama,
Sazymy çalyp dur gitaralar.

Görnenok göze ymaratlar we yşyklaň reňki
Azaşdym belki men
Indi kimiňki sen
Barde müdümi men
Gapyňy kakmak mümkinmi seň?
Ýa-da ömürlik ýapdymy ýel?
Düşünsem saňa, ýöne.
Dur!
Gutardy diymane ýetenok dem.



Credits
Writer(s): Shad Ovez, Vagrant
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link