Jennel, Pt. 2

Oba gaýdyp geldi däliler (uuu)
Yzdan düşüp gaýtdy çagalar
Ýene geldi bular diýdiler
Toba edibem täzeden (täzeden)
Oba gaýdyp geldi däliler (uuu)
Owranyp dur kelleler
Her gün uýtgeýärmi bu ýerler
Gelenler ýene gidenler

Jeňňel beton çöp iý (jeňňel)
Göýberme hiç ýüpi (hiç)
Görkez haýsy baky (baky)
Ýanar özi ýakyp (ýanar)
Daýy ýene cooking (cooking)
Bular näme? Bu kim? (hä?)
Köp nagt, köp uky (aha)
Göz aç otyr bukyp (bukyp)
Käse dolup döküler (döküler)
Salamaleýk kökeler (salamaleýk)
Täze däl, bul oňküler
Ýykalmasyn köprüler
Gymmat diýýär keşdeler
Tamda gulak eşdiler (eşdiler)
Peşkalar bilen başnýalar (başnýalar)
Bir Allah we başgalar (uuu)
Ýabany hem ýaşdym (ýaşdym)
Daga öwrüldim daşdym (okay)
Çüýriklerden daşda (uuu)
Bak ýene ýokara gaçdym
Ýüzler ýene ak poker (poker)
Ýollar ak bolsun toka (toka)
Döret, öwren ýene oka (oka)
Otyr barma, saňa ýokar

Düýnki gije we jeňňel iki
Sende dama alma mende piki
Degmeseň ýuwaş, degseň dikiý
Çeburaşkamy Mouse Mickey (Mickey Mouse)
808 sarsar
Tondan çykanok baslar
Maslahat berdi aslar
(Krasnovodsk Boys) Mikrafon bilen paslar
Kakyp geçdim menem bilmän seni
Sakawladyň senem gizläp gepi
Peýda etmez saňa derman däri
Nyşamda duň sen öňden bäri
Men girip çykdym yzky gapydan
Düşürmek uçin ýakadan
Kabul etmedim bahanaň
Sen maňa ber oňki bahadan
Ýöne kimi diýýär bular öňki däl
Söýgi durmuş tema seňki däl
Eý, kime diýdiň, ýok saňa däl
Guýjak diýýär, ýok maňa däl
Samapal däl Merry gopuz
25-i bu gün ýaşym otuz
Beata razgon berip otyrs
Sallançakda biz uçyp otyrs
Biri Harry bolsa, biri Potter
Saman üstünde taýyp ýörler
Kirli geýimleň için dörende
Hiç zat tapman yza döner

Oba gaýdyp geldi däliler (uuu)
Yzdan düşüp gaýtdy çagalar
Yene geldi bular diýdiler
Toba edibem täzeden
Oba gaýdyp geldi däliler (uuu)
Owranyp dur kelleler
Her gün uýtgeýärmi bu ýerler
Gelenler ýene gidenler

Kim nirde kimden ökde
Beter aşakda bak kökler
Bul işi iýdi möjekler
Süňki şagallar çöplär
Boýdan aşak sökdüm her ädimiň howply
Bu ýerde gezip ýören dişleri gapandan
Beter ýaralyp biljek ýabanylar köpdir
Bu kapýalar
Diňe beýnisi giňlere dakylar
Herkime ýaranyp bolmaz
Bärde herhili samsyklar tapylar
Bu gije otlar ýakylar
Meý gurýar jeňňeldäkiler
Beatlar dep ýaly kakylar
Her beýniler patlap atylar
Bu dünýä edil oýun mysaly
Kowalaýar yzyňdan ýitýänçä
Bu oýnuň hasaby
Ýöne biz gaýgy gussany
Çagyrman wagty gyssaly
Beýnini kapasa ýaly, saklaman arassalaly
Bu durmuşyň aýazy keser geçer
Iň ýaraly ýeriňe deger geçer
Dikenler batar dabanyňa
Bul jeňňeliň eýesi ýabanylar

Oba gaýdyp geldi däliler (uuu)
Yzdan düşüp gaýtdy çagalar
Yene geldi bular diýdiler
Toba edibem täzeden
Oba gaýdyp geldi däliler (uuu)
Owranyp dur kelleler
Her gün uýtgeýärmi bu ýerler
Gelenler ýene gidenler



Credits
Writer(s): Artur Charyyev
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link