Toba

TOBA ETMEK EÝÝÄM ENDIK BOLUPDYR
"INDIKI SAPAR GELMEN"
-DIÝEN ÝERLERIMDE DIK DURUN
KELLE AGYR, AÝAKLAR GOWŞAK, ÖŇKÜLIK BU
IBLISE ÖÝKÜNIP DURUN
KYBLA YZDA GALDY, ÖYKENIM BUZ
YLGAP BIZAR BOLDUM ÖZÜMDEN
KÖLEGÄMEM ÖYKELÄP DUR
ÝÜZÜMI ÝUWDUM
GÖR KIME MEÑZEDYÄR GÖRKÜÑI SUW
GORKYÑY ÝUWUT
MAÑLAÝYÑY ÝERE DEGIR
OL KIRI ÝUW

ERKIÑI ULAN
SOGAPDA ÝARYŞ
HERKIMI UT!
ÖLÜME ÝEKE GARYŞ BAR
DEÑ HERKIME BU
ALLAM!
ADAMLAR SENDEN BAŞGA HERKIME GUL
ÝETDIM HETDIME, ETMEDIMEM ETDIMEM BIR
"ETME PIKIR" - BULARYÑ MAÑA MASLAHATY
"ETME ZIKIR, GEÇIRELI NADANLYKDA WAGTY"
DIÑLEMEJEK BOLUP GULAGY ÝAPDYM
GÖZI ÝUMUP, HAKYKATY TAPDYM

ALLAM SEN YNAN
"BU SOÑKY SAPAR"
-DIÝIPDIM ÖÑKI SAPAR
GELDIM ÝENE SAÑA
BULAR MAÑLAÝYMA ÝAZYLAN

ALLAM SEN YNAN
"BU SOÑKY SAPAR"
-DIÝIPDIM ÖÑKI SAPAR
GELDIM ÝENE SAÑA
BULAR MAÑLAÝYMA ÝAZYLAN
ÝADADYM ÝAZYBAM

HER SAPAR DIÝÝÄN
"ERTIR BAŞLARYN EÝÝÄM"
TÄZE DURMUŞA
BILÝÄNIM TAŞLANYM BILÝÄN
GÖÝÄ YSNYŞAN
BU GÜNÜM BILEN O GÜNÄM
DURMUŞ BAŞAŞAK, GIDENOK HYÝALA GÖRÄ
BU BOLŞUMA NÄME SEBÄP?
HIÇ ÝERE BARYP BILEMOK
BAŞLASAMAM ÝÖRÄP
TOBA ETMEK ÜÇIN
"ÖNKI MEN" BOLMALY HELÄK
ÖÑKI SENA EDENLER DIÝER
"ÜÝTGÄPSIÑ SENÄ"

ÝALÑYŞ ÝOLA GIRDIM
YZA ÖWRÜM ÝOK
ONÇA ÖMRÜM ÝOK
DÜZETJEK BOLSAMAM
GÖMLÜP ÝOK BOLUP GITMELI SOÑUNDA
DÜNÝÄDE GÖWNÜM ÝOK!
ÝÖNE OL TARAPDA-DA
ÜÝTGEŞIK BERILJEK GÖWÜNLIK ÝOK!
GARA GÖZÜMEM AÇYLYP AÝDYÑ
AK NIÝETLI GARA ÇYNYM AÝDYM
DIÝDILER: "AÝDÝAN AÝDYMYÑ AÝYPDYR"
GITJEK ÝER TAPMAN IÇIME GAÝTDYM
GÜRLEMÄN ÄHLI AÝTJAGYM AÝTDYM

DÜNÝÄ ÝARAWSYZ
HER ÝEREM APY-TUPAN
ÖZGEDEN HABAR ALMAK
ÝADYMYZDAN ÇYKÝAR
ELIMDEN KÄN ZAT GELENOK
GELÝÄN ZAT: "SALAM"
ONAM BERMEK BOLANOK INDI
GATY ÝAKYNLAŞMAÝ

KIÇI SÖZÜM TAGSYR
ULY SÖZE TOBA
GATY KYNMY ÝA GÜNDEN ÖÑ TURMAK?
"BIR AÝ AÇLYKDAN KIM ÖLDI?", SORA?
PAÝLAP GARYP BOLAN ÝOK
ŞONUÑ ÜÇIN GOÝMA SOÑA
ETDIM TOBA



Credits
Writer(s): Orazberdi Saparov
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link