Gülüm

Seni gözledim men gaty kän düýşde-huşda kän
Seni gözledim men gaty kän, behiştde kän
Ahyr tapdym seni ykbal duşurdy bizi
Aýyrmasyn seni menden, goraryn çenden
Bilýan başarmadym aýdyp duýgylarymy
Ýüregim seslendi diñle urgularyny
Bagta barýan yollara tarap üýtget ugrymy
Sen bilen gülüm görýän men öz ýolumy
Girdiñ çalşyp meñ ýüregimdäki paslymy
Diñe sen gülüm üýtgedip biljek aslymy
Añymy, ýadymy, aldyñ sen aklymy
Öz-özumi tanamok duýamok halymy
Her gun gijede señ bilen bagtymy men dileýän
Ýanyñdakam ýüregim ejizleýär
Bilýan gijelerne senem sesim diñleýän
Seni gizleýän gülüm, ezizleýän

Sende meñ arzuwlarmyñ bary
Señ gözleriñ deñiz ýaly
Men şol söýginiñ zary
Gel Aýgülüm
Sende meñ arzuwlarmyñ bary
Señ gözleriñ deñiz ýaly
Men şol söýginiñ zary
Gel Aýgülüm

Sen şeýle ýakymly, sende gülüñ ysy
Tapmaryn yzy, ýiter aýak yzym
Sensiz ýolumda men azaşaryn
Şondada garaşaryn
Günler, aýlar, ýyllar, müñlerçe asyrlar
Seni küýseýän her gün-günden
Sen zerur howa ýaly her dem-demden
Göýbermen elleñ, saña söýgim çenden
Bol dermanym erbetleşýän men kem-kemden
Saña bu söýginiñ çägi ýok
Başga gyzlar barda ýöne sen ýaly ýok
Senden başgany gözlerimem görenok
Bilemok, sensizlikden ýaşap bilemok
Allam ýaratdy seni
Ana şol gözleriñ ýene bagtly eder meni
Gorasyn seni, gorasyn bizi
Gorasyn biziñ soñlanmajak söýgimizi

Sende meñ arzuwlarmyñ bary
Señ gözleriñ deñiz ýaly
Men şol söýginiñ zary
Gel Aýgülüm
Sende meñ arzuwlarmyñ bary
Señ gözleriñ deñiz ýaly
Men şol söýginiñ zary
Gel Aýgülüm



Credits
Writer(s): Jay T Jay T
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link