günäli

Ýyllar alyp dur saglygy
Ýöne ýyllar berýär adamlara köp sapaklar
Ýadaýaňmy dost çapak çalyp?
Hana, seret olara!
Olar bizden has gowy bilýär
Näme gerek bize durmuşdan
Bir gün bar zat gowylaşar
Ýöne edil şul wagt bulaşyk
Eý, nämeler bolup dur şul wagt?
Indi has gymmat zat nämekä bul adamlar üçin?
Näme zat has wajyp indi?
Näme zat has ajy?
Ýalaňaç ýa-da ýalan suratlary paýlaşmak
Bialaç bolup soňky günem günäň ýuwulmagyna garaşmakmy Alladan?
Ýagşylyklar edilip dur ýöne pul üçin diňe
Sadakalar berilip dur ýöne göz üçin diňe
Seredip görsek gadyryny däl-de bahasyny bilmek has möhüm
Niräk barýar bul ýaş nesil?
Bilýän barmy?
Niräk barýar bul ýaş nesil?

Barymyz günäli!
Estagfurallah ämin!
Erkekler döndi uýatsyza
Hana aşyk boldylar balaksyza
Meslikden ýaňa gözler aç
Ýetimler utanar has beter
Hamala ýollar dogry ýaly ýörärler ýöne ýaş ýiter

Ýyllar alyp dur saglygy
Düýnki ýylgyryp duran ýüzler
Bu gün göz ýaşlary bilen uklady
Bul dünýäň oýuny üýtgedi
Bir tarapdan ine ýaryp ýörler
Bir tarapdan ine aşdylar
Sygyryp dur oklaryň sesi
Dünýäň reňkini çalyşdylar
Bu gün deň ýarysy oýanmady düýnki uklanlaň
Etmedi kömegini pul görmese
Ol kasam eden lukmanlaň hany hiç kim gelmedı?
Ol düýnki jennet ýok bu gün
Ol düýnki doklar dok bu gün ýene-de
Düýnkiden has sowuk bu gün
Sagadyň iň gymmadyny dakynyp gezmek hiç kimiň wagtyny üýtgetmez
Ýöne wagt ýaşlary üýtgetdi
Şeýtan ýaşlara höküm etdi
Uýalar bir erkegiň üstünde ýoluşarlar saçlaryny
Namys gutaran bolsa nämeler başlandy

Barymyz günäli!
Estagfurallah ämin!
Geň galmalyň bul durmuşa
Ýöne bir gün bar zat gowylaşar
Bul gün indi geň görilýär diňe hudaý diýip egilenler
Bul gün bahasy has gymmat boldy ýarym ýalaňaç geýinenleň



Credits
Lyrics powered by www.musixmatch.com

Link